Adaty badyýanyň peýdasy

Adaty badyýan – Petroselinum crispum. Gruziýanyň ekerançylyk ylmy-barlag institutynda özbaşdak seçgi ýoly bilen döredildi. Ýapraklarynda efir ýaglary köp mukdarda (1 kg-da 4 g çenli) saklanýar. Bu ösümlik hem iýmit üçin we derman senagatynda ulanylýar. Halk lukmançylygynda oty we tohumy ulanylýar, ýapragy, kök miwesi iýmek üçin peýdalanylýar.

Adaty badyýanyň peýdaly täsirleri örän köpdür. Onuň tohumynda hem ýapragynda saklanýan efir ýagy we birnäçe himiki maddalar, witaminler saklanýar. Tohumynda 2-6% efir ýagy we 22%-e çenli beýleki ýaglar saklanýar. Derman senagatynda diňe adaty badyýanyň ýapragy, tohumy ulanylman eýsem, onuň miwesi hem-de gülüde ulanylýar. Onuň miwesinde – flawonow glikozidler, güllerinde – kwersetin ýaly dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan maddalar saklanýar.

Halk lukmançylygynda adaty badyýanyň otuny we tohumyny böwrek we ýürek-damar kesellerinde derman serişde hökmünde ulanylýar. Mundan başgada badyýan dermanlyk maksatlary üçin peşew-daş kesellerinde we iýmit siňdiriş ulgamynyň işleriniň bozulmalarynda peýdalanylýar.

Adaty badyýanyň täze ýapraklary deridäki garamtyl tegmilleri we sepgilleri aýyrmakda ulanylýar. Ondan başga-da badyýanyň ýapraklary ýapgy hökmünde hem ulanylýar. Ýagny deride ýara emele gelen bolsa, onda şol wagty badyýanyň ýapraklaryny ýapgy görnüşinde ýapmaklyk maslahat berilýär.

Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasyndan syzylyp çykan “Dermanlyk ösümlikler” kitabynda hem adaty badyýanyň ýazylyp beýan edilmegi, biziň güneşli ülkämiziň dermanlyk ösümlikleriniň biri hasaplanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Gorkut ata adyndaky atly talyp hakynyň eýesi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok