Bilim — biziň bagtymyz

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy ýurtlaryň bilim beriş ülňülerine gabat gelýän möhüm işleri amala aşyrýar.

Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy biz — ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň hem ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internetiň üsti bilen bu ugurdaky maglumatlar, bularyň bary, ruhy baýlygymyzy, başarnygymyzy artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagymyza, jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan belent maksatlarynyň gözbaşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly ösen jemgyýetini kemala getirmek ýaly döwrüň möhüm meselesi dur.

Ata Watanymyzy bilimler mekanyna, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Rustam ATAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok