- Söýgi adamy döredijilige iterýär, täze-täze arzuwlara ýetmäge ganatlandyrýar.
- Ýüregiň söýgä näçe baý bolsa, şonça-da ýaşaýşa höwesiň artýar.
- Söýüp bagtly bolýana öýkünme, söýlüp bagtly bolmaga çalyş!
- Zenanda mähir bolmasa, onda söýgi uzaga gitmez.
- Söýmek — bu birek-birege däl-de, bilelikde bir ugra seretmekdir.
- Men seni biziň kimdigimiz üçin däl-de, men seniň ýanyňda kimdigim üçin söýýärin.
- Söýmek — diýmek adamy Allanyň ýaradyşy ýaly bolşunda görmekdir.
- Söýgini däl-de, size bagty berip biljek adamy gözläň. Irde-giçde ol bagt söýgä öwrüler.
Bezirgen AMANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler