Lukman Arkadagymyzyň gymmatly eseri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli üstünlikleriniň beýany boldy. Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk düýpli ylmy işi bolan ensiklopedik eseriniň täze jildi dünýäde lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky uly goşandydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara kämil bilim bermekde we olary lukmançylyga ugrukdyrmakda ýakyn gollanma bolan bu ajaýyp köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň dünýäniň ençeme diline terjime edilip, millionlarça nusgada okyjylara ýetirilmegi bolsa, eseriň dünýäniň ylmy jemgyýetçiligindäki gymmatyny aýan edýär.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň tutuş halkymyz bilen birlikde, dünýäniň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärler we lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin gymmatly gollanma bolandygyny buýsanç bilen nygtaýarlar.

Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Emir ABDULLAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok