Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary esasynda taryh üçin gysga döwürde Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäheriň gurulmagy ajaýyp zamanamyzyň bedew batly ösüşleriniň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, Arkadag şäheriniň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärçiligiň, bezegiň tehnologik üpjünçiliginiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hem-de şäherde täze etraplary döretmek hakynda kabul eden resminamalary hem il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyrdy. Bu gün Arkadag şäherini synlanyňda göwnüň galkynýar. Onda giň we ýagty otaglary, içinde ähli amatlyklary bolan, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ulanylýan enjamlar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän çagalar baglary, multimedia enjamlary bolan umumybilim berýän orta mekdepler, iň häzirki zaman tehnikalary, lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan hassahanalar we saglyk öýleri, sport, medeni, söwda maksatly binalar guruldy. Döwrebap ýollar, geçelgeler gurlup, ähli binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyryldy. Durmuş hyzmaty ulgamy ýola goýuldy. Bir söz bilen aýdylanda, şäher ilatynyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi.
Täze gurlan şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmek ugrundaky ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günüň bähbidinden ugur alýan ähli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Mamagül PETJIKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler