Paýtagtymyzda ekofestiwal geçirildi

15-nji oktýabrda paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň meýdançasynda Türkiýäniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan 2-nji ekofestiwal geçirildi.

Ekofestiwalyň şygary «Geliň, Zemini bilelikde halas edeliň!» boldy. Çäre ýaşlaryň tebigy serişdelere aýawly çemeleşmäge, tebigy baýlyklary ýerlikli peýdalanmaga we daşky gurşawy goramaga gatnaşmaklaryna gönükdirildi.

Ýörite enjamlaşdyrylan interaktiw zolaklarda ekofestiwalyň myhmanlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň nähili işleýänligi bilen tanyşdylar.

Şeýle hem festiwalyň iň ýaş gatnaşyjylary IT-tehnologiýalaryň dünýäsindäki täzelikler bilen tanyşdylar. Işjeň zolagyň pudaklarynyň birinde robototehniki bataliýalar ýüze çykdy. Şonuň bilen bir hatarda, festiwalyň gatnaşyjylaryna zyňyndylary dogry tertiplemegiň wajyplygy barada gürrüň berildi.

Öz diwarlyklarynda türkmen çeper elli ussatlary öz elleri bilen galyndylardan taýýarlan sowgatlyk önümlerini goýdular. Festiwalda köp gezek ulanylýan eko-sumkalar uly meşhurlyga eýe boldy. Festiwalyň çäginde ilatyň ekologiýa düşünjesini artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan fleşmoblar, kwizalar we eko-aksiýalar geçirildi.

Osman ARSLANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok