Bilim — berk binýat

Ýyllar bize beýik geljegiň bilimli ýaşlar bilen gurulýandygyny görkezip gelýär. Çünki bilim beýik geljegi gurmagyň kämil serişdesidir. Türkmen ýaşlary islendik döwürde hem ylma, bilime yhlasly ýapyşýandyklary bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri hem äşgär edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimiň kuwwaty barha ýokarlanýar. Ýaş nesilleriň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda ylym-bilimiň berk binýady emele getirildi, ýaşlaryň döwrebap bilimleri öwrenmekleri, tehnologiýalardan we tebigy bilimlerden habarly bolmaklary üpjün edildi. Şu wezipeden ugur alyp, biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine itergi berýän mümkinçilikdir.

Goý, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hatyja GURBANMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok