Turp güýz hem gyş aýlarynda has köp isleg bildirilýän iýmit önümidir. Turp – kelemler maşgalasyna degişli bolan birýyllyk, ikiýyllyk gök ekin bolup durýar. Bu gök önüm halk lukmançylygynda gadymdan bäri giňden ulanylyp gelinýär. Turpuň kesel döredijilere garşy ýokary göreşijilik häsiýeti bar. Şol sebäpli ol keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda has peýdalydyr. Turp adam bedenini zerur witaminler we minerallar bilen doldurýar, güýçlendirýär. Aşgazanyň, içegäniň näsazlyklarynda, öt ýollarynda ýüze çykýan sökelliklerde, işdäniň kesilmeginde, bronhitde, sowuklamada, üsgülewükde ulanylýar. Şeýle-de bedende holesteriniň mukdary ýokarlananda oňaýly täsir edýär. Ekilýän turpuň duiretiki häsiýeti hem bardyr. Turpuň antiseptiki aýratynlygy onda potagen mikrofloranyň ösmegine päsgel berýän lizosim we glikozidleriň bardygy bilen düşündirilýär. Bu gök önümiň düzüminde C, B, A, D, PP witaminleriniň we kletçatka, fitonsidler, ýod, magniý, kaliý, demir, fosfor ýaly elementleriň, kükürtli efir ýagynyň, organiki kislotalaryň, mineral duzlaryň bolmagy onuň bejerijilik aýratynlygynyň ýokarydygyny görkezýär.
Meşhur lukman Gippokrat görüş ukybyny güýçlendirmek, öýken kesellerini we üsgülewügi bejermek üçin turpy iýmegi maslahat beripdir. Onuň şiresi içegäniň we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, saçy berkidýär. Şeýle-de turp ýürek-damar ýollarynyň keselleriniň öňüni almak üçin ulanylýar. Tebigatda turpuň dürli görnüşleri duş gelýär. Gara turp ajy bolsa-da, iň peýdalysydyr. Onuň düzümi mikroelementlere baýdyr. Gara turp tebigy antibiotikdir. Margelan turpy (ýaşyl turp), ak turp we gyzyl turp — bularyň ajylygy gara turpa garanyňda pes.
Turp bagryň, öthaltanyň, aşgazanasty mäziň we limfa damarlarynyň sökelliklerini bejermekde peýdaly serişdedir. Bal ýa-da şeker bilen garylyp ýasalan şerbedi üsgülewügiň bire-bir emidir. Ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda ulanmak oňyn netijeleri berýär. Turpuň şerbedi bedeni arassalaýar, 8-15 kilograma çenli artykmaç agramdan saplanmaga ýardam berýär. Onuň düzüminde beloklar, uglewodlar, C, B1, B2 ýokumlary, organiki turşulyklar, efir ýaglary we glýukozidler bar.
Oguljan ANNABERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler