- Güýz — söýginiň pasly. Şahyryň aýdyşy ýaly, söýmedige güýze düşünmek ýokdur.
- Biz güýze: «Tylla güýz» diýýän bolsak, käbir ýurtlarda güýzüň reňki gyzyl reňk hasaplanýar.
- Irlandiýada köp adam häzir hem awgust, sentýabr, oktýabr aýlaryny güýz hasaplaýar. Olar noýabry eýýäm gyşa degişli hasaplaýarlar.
- Güýzde kalbymyň durnalara goşulyp, alyslara uçup gidesi gelýär.
- Göwnüme bolmasa, ýazda — çagalyk, tomusda — juwanlyk, gyşda — gojalyk döwrüni başdan geçirýän tebigat güýzde kämillige ýetýär, agras keşbe girýär.
- Altyn güýz her ýyl gaýtalanýar. Ýöne her ýaşda onuň gelşi başgaça.
Batyr MEREDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler