Golaýda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalarynyň ýygyndysynyň I goýberilişi çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlandy.
Kitapda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri hakyndaky makalalar hem bar.
Kitap «Himiýa, biologiýa, agronomçylyk we tokaý hojalygy ylymlary», «Zootehniýa we weterinariýa ylymlary», «Maglumat tehnologiýalary we ykdysady ylymlar», «Azyk önümleriniň we dokma senagatynyň tehnologiýalary ylymlary», «Oba hojalygynda meliorasiýa we mehanizasiýa ylymlary», «Taryh, arheologiýa, filologiýa, pedagogika ylymlary» atly jemi 6 bölümden, 656 sahypadan ybarat. Olarda ýerleşdirilen ylmy makalalardan ýokary okuw mekdebinde we onuň garamagyndaky ylmy-önümçilik merkezlerinde, şol sanda Botanika bagynda alnyp barlan ylmy işleriň netijeleri bilen tanyşmak mümkin.
Teswirler