«AgriHack» atly hakatonynyň netijeleri jemlendi

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «AgriHack» atly hakatonynyň netijelerini jemledi.

Ýaryşyň iň ýokary baýragyny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary gazandy. Eminler iki sany hormatly orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna berdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, üç ikinji orny eýelänler-de kesgitlendi, olaryň ikisini Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary, birini bolsa Türkmen oba hojalyk institutynyň topary aldy. Bäsleşigiň netijesi boýunça üçünji orny eýelän bäşlige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden iki topar, şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň toparlary girdi.

Ýaryşyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar hem gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy. Hakatona gatnaşan ýene dört ýokary okuw mekdebine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Hakatonyň geçirilmegi talyplaryň sanly endiklerine, iş ýüzünde web-serwisleri işläp düzmek başarnyklaryna, programmirleme dillerini ulanmak ukybyna, şeýle hem sanly ulgamlary gurnamak we dolandyrmak, häzirki zaman sanly gurşawda erkin baş alyp çykmak ukybyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok