180-den gowrak howandarlyga mätäç çagalaryň saglygy dikeldildi

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ynsanperwer millet hökmünde tanalýar. Bu biziň halkymyz üçin adata öwrülen häsiýetdir. Şeýle haýyrly işleriň edilmegi häzir hem dowam edýär. Aýartyn hem ýaş çagalara ideg etmek, olara goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalaryň operasiýa bejergileri üçin bölüp beren serişdeleriniň hasabyna şu güne çenli 180-den gowrak çylşyrymly hirurgiki operasiýany şowly geçirildi we çagalar saglyny dikeltdiler.

Ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmek we goramak  ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň  esasylarynyň biridir. Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Gazna döredilen gününden bäri bu ugurda birnäçe giň gerimli işleri durmuşa geçirdi.  Şu ýylyň iýun aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly üç dilde täze kitap çap edildi. Bu kitapda gaznanyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok