Garaşsyzlyk – guwanjym

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemleýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň hem özüniň taryhy bardyr. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygy hakyndaky mesele boýunça ählihalk sala salyşygy geçirildi. Sala salyşygyň netijesinde, ýurduň ilatynyň 94,1 göteriminiň ses bermegi bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygy kabul edildi. Şonuň esasynda ‘’Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda’’ Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Ol Garaşsyz Türkmenistanyň kabul eden ilkinji kanunydy.

Halkymyz bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurulýan we gurlup ulanylmaga berlen desgalar sanardan kän. Olar Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýar. Elbetde, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri birin-birin sanap gutarar ýaly däl. Gurulýan belent-belent ymaratlary we demir ýollary, täze-täze obalary, özgerýän şäherleri, ulanylmaga berilýän senagat kärhanalary, medeni ojaklary, saglyk edaralaryny sanasaň sogaby bar. Bitarap döwletimiziň BMG Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistandaky ajaýyp ymaratlary sananynda Watanymyzyň belent sepgitlere barýandygy aýdyň duýulýar. Garaşsyzlygyň nyşany bolan, gözel paýtagtymyzy bezeýän ‘’Garaşsyzlyk’’ binasy hem şolaryň iň naýbaşylarynyň biridir.
Binanyň ýokarsyndaky heýkel Garaşsyzlygymyzy alan günümizi, ýagny, 27-nji oktýabry aňladýar. Binanyň umumy beýikligi 118 metre deň. Bu binanyň gurluşygynyň ýene bir üýtgeşik tarapy, onuň belentliginden paýtagtymyz gözel Aşgabadymyzyň gün-günden gözelleşýän ajaýyp keşbini synlap bolýar.

Garaşsyzlyk – belent ykbal! Arkadag Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde uly many-mazmuny jemleýär. Türkmen halky Garaşsyzlygyny gazanany bäri her ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyzlyk baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çykyşlar, konsertler gurnalýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun.

Ýazgeldi HALYŞOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok