Ekologiýa abadançylygy – durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ösüşler bilen hereket etmegiň ýol ýörelgesine öwrülýar.

Ýurdumyzda bütin adamzat üçin ähmiýetli bolan daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawy goramak bilen bagly wajyp mesleleriň çözgüdine goşant goşup gelýän döwletimiz, dünýädaki halkara guramalar bilen bilelikde köpsanly işler alyp barýar.

Türkmenistan dürli ýyllarda, şonuň bilen birlikde Berkarar döwletiň täze eýýamyyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gowulandyrmak boýunça, öňe süren teklipleri hem-de alyp barýan başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty dünýä döwletleri tarapyndan makullanylýar we ýokary baha berilýär. Muňa mysal edip howanyň üýtgemegi, ýer suw baýlyklaryny goramak, biologik dürlüligi saklamak, çölleşmäge garşy göreş, Hazar deňziniň arassaçylygyny goramak ýaly ugurlarynda durmuşa ornaşdyrylýan ugurlaryň her biri barada edilen işlerden oňyn tejribe toplanandygyny aýtmak bolar.

Ýurdumyzyň çägindäki zeý suwlary jemlemek we ulanyşa girizmek, deňiz suwlaryny gaýtadan işläp ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde suw süýjediji desgalaryň ulanyşa berilmegi hem aýratyn bellärliklidir.

Ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, olary dikeltmek we täzeden işlemek, goramak boýunça alnyp barylýan işler gönüden-göni baglydyr.

Oguljahan KAKYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok