Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Ýokary okuw jaýymyzyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy biziň şatlygymyza şatlyk goşup, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza institutymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan bu şanly waka mynasybetli hem-de okamaga, öwrenmäge, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmäge döredilýän ajaýyp şertler üçin ähli mugallymlarymyzyň, talyplarymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, elbetde, mugallymlarymyzyň, talyplarymyzyň bilimler ummanyndaky jogapkärçiliginiň has-da ýokarlanýandygyny şertlendirýär.
Şol gün Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýaş nesliň şatlygyny goşalandyryp, gapylaryny giňden açdylar.
Mähriban halkymyzda «Bilimli il ozar» diýlen pähim bar. Bu pähimiň çuň many-mazmuny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň ähli işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagynda: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýen sözleri durmuş hakykatynda has-da aýdyňlaşdyrýar.
Ogulsona MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler