Tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi

Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýigidir. Çörek — gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir.

Çörek hakynda gürrüň edilende süňňüňe ýylylyk aralaşar. Çöregiň ýakymy, mukaddesligi, mähribanlygy kalbyňa mähir guýýar. Adamyň ömrüne hemdem bolýan çörek atly gudratly keramatda ýaşaýşyň özeni bar. Çörek bilen ýaşaýşy, ömri biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Mukaddes çörek güýç-kuwwatymyzdyr, aman-esen durmuşymyzyň güwäsidir, bolçulygyň mizan terezisidir. Çörek hakynda kän nakyllar, atalar sözleri, goşgular, kyssalar… aýdylandyr. Şolardan bir aýtgyny tutaryk getireýin: «Saçagy çörekli bendäniň ne endişesi bar, çünki onuň başyna döwlet guşy gonupdyr». Çörege sarpa goýýan ilimiz: «Supradaky nan — aýdym we mukam», «Çöregim — ömre söýget höregim», «Nanly öý bereketlidir» diýlen ýaly başga-da birnäçe parasatly aýtgylary döredip, çörege we çörek önümlerine bolan çuňňur hormatyny beýan edipdir.

Tyllaýy Güne meňzäp bişýän çöregi bereketli saçaga goýup, maşgala bolup iýmek uly bagtdyr. Saçagymyz ak bugdaý unundan bişirilen türkmen çöreginden hemişe-de dolup dursun!

Leýli ANNAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok