Göwünlere ganat beren waka

Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy başymyzy göge ýetirdi. Bu iri taslamalaryň biri bolup, 5 müň talyba bilim bermäge niýetlenendir.

Institutyň täze binasy häzirki zaman binagärliginiň millilik bilen sazlaşygydyr bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baş binanyň daşky bezegindäki sirkul binagärleriň esasy guraly bolup durýar. Binalarda birnäçe geometrik göwrümler özara sazlaşyp, milli nagyşlarymyz aýratyn öwüşgin berýär. Baş binada esasy iş dolandyryş üçin niýetlenen otaglar ýerleşdirilen. Özboluşly geçelgeler bilen utgaşdyrylan baş bina bilen 2 sany okuw binasy sazlaşykly ýerleşdirilip, olarda talyplara döwrebap, kämil derejede bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulan. Sergi, okuw-önümçilik merkezi taslama işlerini, şekil taslamalaryny ýerine ýetirmäge, saklamaga we dürli sergileri geçirmäge niýetlenen. Şol ýerde sanly ulgamy dolandyryş merkezi hem ýerleşdiriler. Okuw-önümçilik merkezinde bolsa talyplar bilen tejribe işleri geçiriler. Döwrebap sergi zaly şanly seneler mynasybetli dürli çäreleri, taslama bäsleşiklerini geçirmäge niýetlenendir. Binalaryň ählisinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň esasy aýratynlygydyr.

Pursatdan peýdalanyp, ýaşlara ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Toýly GYLYÇMERGENOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok