Watana bolan belent söýgüsi, döredijilikli zähmeti bilen röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramyny bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Şeýle ajaýyp, buýsançly baýramyň öň ýanynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi bolsa, şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk syýasatynyň özeni halkyň we halklaryň agzybirligidir, ýurduň we ýurtlaryň parahatçylygydyr. Halkymyzyň Garaşsyzlyk taglymaty adamzat bähbidini araýan demokratik düzgünlere, ýagşylygy ündeýän maksatlara, belent adamkärçilik ýörelgelerine ýugrulandyr. Garaşsyzlyk biziň bagtymyz, milli buýsanjymyz, her birimiz üçin mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk durmuş-ykdysady ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşy, şu günki üstünliklerimiziň we nurly gözýetimlerimiziň gönezligidir. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň şöhratly taryhyna buýsanyp, şu günki bagtyýar durmuşyna guwanyp, röwşen geljegine umyt baglap, Ýer ýüzünde mertebeli ýaşamagynyň kepilidir.
Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňky geçen ýyllaryň içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanan, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý–mertebesiniň täze belentliklere göterilen eýýamy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän toplumlaýyn iri taslamalar ýurdumyzy ykdysady taýdan özgertmegiň we ösdürmegiň ýolunda uly ädimleriň ädilýändiginden habar berýär.
Goý, eziz Diýarymyzy ösüşlere, rowaçlyklara besläp, halkymyzy nurly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, belent maksatlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler