Türkmenistanly mekdep okuwçylary Ýaponiýada geçirilen Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylardan ybarat matematika boýunça Milli ýygyndysy Ýaponiýanyň Tiba şäherinde geçirilen 64-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdylar.

Milli ýygyndyň agzalaryndan, Selim Halykow bürünç medala, şeýle hem, Hamza Allaberdiýew, Rahym Agamyradow, Dawut Muhammetgurbanow we Batyr Öwezmyradow dagylar höweslendiriji orunlara mynasyp boldylar. Şol sanda toparyň agzasy Babanazar Jumadurdyýew bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.

Milli ýygyndymyza Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew we “Gujurly Bilim Merkeziniň” matematika mugallymy Pälwan Agamyradow dagylar ýolbaşçylyk etdiler.

Belläp geçsek, 64-nji Halkara matematika olimpiadasyna 112 döwletden 600-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-nIň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok