“Nejep oglan” filminiň premýerasy görkezildi

Duşenbe güni “Aşgabat” kinoteatrynda “Nejep oglan” kinofilminiň premýera görkezilşi boldy.

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi türkmen halk dessanyny mawy ekran üçin sazlap ýazga aldy. Filme režisýory Wepa Işangulyýew. Edebi esasyny düzen bolsa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow.

Filmde Nejebiň keşbini Söhbet Annamyradow janlandyrdy.

Mundan başga-da filmde oýnan artistler:
Mekan Amanow – ýetim oglanjyk;
Didar Kowusow – ýeserje;
Baýramtäç Hojamämmedowa – Nejebiň ejesi Sona;
Mähri Aýdogdyýewa – Mylaýym;
Şirli Mollaýew (at gazanan artist) – Horezm;
Salyh Baýram – dutar mugallymy;
Çary Seýitliýew – Kerem aga;
Orazgeldi Amangeldiýew (halk artist) – Aşyk Aýdyň pir;
Döwlet Hanmämmedow (at gazanan) – Elbent bagşy;

Film Aşyk Aýdyň piriň mekanynda, Köneürgençde, Köýtendagda, Köpetdagda, Nohur obasynda surata düşürildi.

Nejep Oglan dessany “Miras” radýosuna radio oýun hökmünde ýetiripdi. Radio oýnyň ýazgysy “Mukam” YouTube kanalynda dolulygyna diňläp bolýar.

Nejep oglan dessanyny şeýle-de bagşylaryň dilinden diňläp bilersiňiz.

Kerwen Yowbasarow – Nejep oglan dessany | 2018
Almagul Nazarowa – Nejep oglan dessany | 2019
Mämmedanna Sopyýewiň edebi esasa geçirmegindäki Nejep Oglan dessanynyň elektron kitabyny şu salgydan alyp okap bilersiňiz.
Şabendäniň edebi esasynda 1943-nji ýylda kiril elipbiýinde çykan kitabyň elektron kitabyny şu salgydan alyp okap bilersiňiz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok