“Takyk bilimleriň telekeçilikdäki roly” atly okuw seminary geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň gurnamagynda “takyk bilimleriň telekeçilikdäki roly” atly okuw seminary geçirildi. Seminarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, lukman, telekeçi Rahymberdi Kerimow çykyş etdi.

Seminara gatnaşan diňleýjileriň aglaba bölegi ýaşlardan ybarat bolup, olar ýaşlar telekeçiliginiň başlangyçlary, mekdep sapaklarynda geçilýän takyk bilimleriň telekeçilikdäki orny, şeýle-de halypalaryň geçen ýollarynda gazanan tejribeleri dogrusynda maglumat edindiler.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok