Şäher we oba ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün edilýär!

Ruhubelent etrabynyň «Agyzsuw» müdirliginiň hasabyndaky suw arassalaýjy desgalaryň 2-si şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Gije-gündiziň dowamynda 1000 kub metr agyz suwuny arassalaýan zawod etrap merkezinde, kuwwatlylygy 150 kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desga Tünüderýa geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Ata-baba oturymly gadymy mekanda gülläp ösýän Ruhubelent şäheriniň ýylsaýyn artýan ilatynyň içimlik arassa suwa bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, müdirligiň hasabynda hereket edýän dikguýularyň 8-si, bir sany suw ýygnaýjy howdan, şeýle-de uzynlygy 54 kilometre golaý bolan suw geçirijiler peýdalanylýar.

Suw desgasynyň eýeçiligindäki ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 4-si arkaly Was düzlügindäki obalaryň hersiniň ýaşaýjylaryna takyk kesgitlenen günlerde arassa agyz suwuny eltip bermek ýola goýuldy. Müdirligiň işgärleri suw alynýan dikguýynyň suwunyň üznüksizligini, onuň düzüminiň arassalygyny saklamakda zerur çäreleri amala aşyrýarlar. Guýularyň çäklerinde arassaçylyk işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu ýerde tapgyrlaýyn zyýansyzlandyrmak, suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok