Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz oňa berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny, adamzadyň ösüşine gönükdirilen hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda eneden doguldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok