2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda A.Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp goýlan «Pyragy» oýnunyň nobatdaky görkezilişi boldy. Oňa Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň birinji orunbasary K.Imanaliýew we köp sanly tomaşaçylar gatnaşdy.
K.Imanaliýew oýnuň goýulşyna, artistleriň we režissiýoryň işine uly baha berip, türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragyny gyrgyz halkyna tanatmakda eden ägirt uly işleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Teswirler