Gazagystanda tokaý ýangyny: 60 müň gektar küle döndi!

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň beren beýanyna görä, ýüze çykan tokaý ýangynynda häzirki wagtda 14 adam aradan çykdy we 60 müň gektarlyk tokaý küle döndi.

Ýurtda tokaý ýangynlary sebäpli pida bolanlar üçin milli ýas yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokay ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitlere bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok