Daşky gurşaw we ynsan saglygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyz – Türkmenistan gün-günden gözelleşýär, pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda beýik sepgitler bilen uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp pähim-paýhasy bilen adam we onuň saglygy hakyndaky alada ýurduň baş ýörelgesine öwrüldi. Döwletimizde ilatymyzyň jan-saglygyny goramak we adamlaryň sagdynlygyny saklap erkana durmuşda uzak ýaşamaklaryny gazanmak, şonuň ýaly-da keselleriň öňüni almak ugrunda dünýä derejesinde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda halkyň saglygy we ýaşaýyş-durmuş abadançylygy köp sanly meseleler bilen baglanşyklydyr. Mysal edip aýdanymyzda, ynsan saglygy ony gurşap alýan daş-töwerek ekologiýa ýagdaýyna bagly bolup durýar.

Adamyň fiziki we durmuş taýdan abadanlygyny aňladýan zat onuň daşky gurşaw bilen köptaraplaýyn özara gatnaşygydyr. Sagdynlyk – diňe bir adama doglanda tebigy berilýän baýlyk däl-de, onuň ýaşaýan şertleri bilen hem aýrylmaz baglydyr. Adamyň saglygyna ekologiýanyň  hapalanmagy, daşky gurşawyň fiziki faktorlary özüniň täsirini ýetirip bilýär.

Milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýerýän halkymyzyň abadançylygynyň hemişe üns merkezde saklanylmagy döwletimiz üçin kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ekologiýanyň adam saglygyna ýetirýän täsirleri, esasan hem howanyň we suwuň arassalygy bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda her ýylyň güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýokary derejede geçirilýändigi muňa şaýatlyk edýär. Ösümlikleriň howany tämizleýji ukybynyň barlygy sebäpli, şäherlerimizde «ýaşyl zolaklar» artdyrylýar. Günsaýyn ösüp, barha boý alýan tokaý zolaklary we baglar türkmen topragyny bezeýär, ol howany arassalaýar, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny berkidýär, netijede, halkymyzyň saglygyny üpjün edýär.

Atmosfera howasynda zyýanly maddalaryň mukdaryny azaltmak adamyň saglygy üçin zerur şertleriň biridir. Ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň saglyga bolan täsiri yzygider öwrenilýär. Onuň ýaramaz täsirini azaltmak hem-de aradan aýyrmak üçin dürli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän we täze gurulýan senagat kärhanalarynda atmosfera goýberilýän hapalaýjy maddalaryň mukdarynyň azalmagy üçin olarda ekologiýa taýdan howpsuz hem-de dünýäde iň oňat tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanda ýer, suw baýlyklary, howany goramak maksady bilen, Aral deňziniň ýurdumyza golaý sebitleriniň ekologiýasyny gowulandyrmak boýunça birnäçe çäreler amala aşyrylýar. Hazar deňziniň Türkmen böleginiň kenary arassa saklanyp, onuň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça meýilnamaly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň amatly bolmagy, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ilatyň ýaşaýan daşky gurşawynyň arassa bolmagy, onun sagdyn iýmitlenmegi, arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi babatda hem uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ilaty  ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmekde, içerki bazarda isleg bildirilýän harytlaryň köp bölegini ýurduň içinde öndürmekde hususy kärhanalar uly orun eýeleýärler.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýany durnukly saklamak, ilatyň saglygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler babatynda hormatly Prezidentimiziň adam baradaky aladany ilkinji nobatda goýýandygyny tassyklaýar.                  

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok