«Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda ýene 448 öý peýda bolar!

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Parahat–7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze  9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin tender-bäsleşigini yglan etdi.

Jemi 64 öýli 2 ýaşaýyş jaýy, 48 öýli 4 ýaşaýyş jaýy we şonça-da 32 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar. Jemi 448 öý peýda bolar.

Olar Aşgabat şäher häkimliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Döwlet neşirýat gullugynyň, Goranmak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Söwda ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň DIM-niň buýurmasynyň esasynda ulanylmaga berler.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahat – 7» şäheriň günorta-gündogarynda ýerleşýän paýtagtyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň biridir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok