2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Bu köpçülikleýin çäre ýaş nesilleriň diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem beden taýdan hem sagdyn bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Hut şu sebäpli hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sport, sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara döredilýän ähli mümkinçiliklere doly şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, welosiped ulagynyň halkara günini döretmek teklibi hut baky Bitarap Türkmenistan döwletimize degişlidir. 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Bu günki çäräniň geçirilmegi bolsa ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam edýär.
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler