Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabara ýurdumyzyň estrada artistleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylara süýjülik torty paýlandy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklaryna we türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok