Bilimli nesil — döwrümiziň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz ösüşleriň ýokary belentliklerine eýe bolýar. Ata Watanymyzyň orta we uzak möhletli döwürlerde berk binýatly, kuwwatly we durnukly ösýän döwlet bolmagynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň tutýan orny örän uludyr. Hut şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşlary goldamaklyga gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Jemgyýetiň ösüşi bilim ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Bilim — bu durmuşda ynsanyň gazanyp biljek ruhy baýlygy bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim edaralaryny häzirki zamanyň ýokary derejeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýlelikde, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.

Döredilýän mümkinçilikler mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky alyp barýan beýik maksatly işleriniň dabaralanýandygynyň alamatydyr. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli ösdürýän, ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly-bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly ajaýyp işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

Aýjahan DOSMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok