Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Döwrebap bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri kämil bilim almak bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde hem ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan multimedia usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höwesini ösdürmän, eýsem, olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga-da kömek edýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynda netijeliligi ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň, talyplaryň wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär. Ýaşlaryň dünýä innowasiýasynyň gazananlaryny öwrenmegi, nazary düşünjeleri kemala getirmek üçin şertler döredilýär.
Ýurdumyzda täze, döwrebap bilim-terbiýe ojaklarynyň, sport desgalarynyň gurulmagy, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi Arkadagly Serdarymyzyň ulgamy kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigine doly şaýatlyk edýän aýdyň subutnamalardyr.
Bagtyýar halkymyzyň ajaýyp zamanada ýaşamagy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gunça ŞAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler