Bilimiň binýady berkeýär

Hä­zir­ki wagt­da ýaş­lar­da ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş nes­li wa­tan­çy­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge we zäh­met­sö­ýer­li­ge mah­sus ruh­da ter­bi­ýe­le­mek, döw­re­bap bi­lim­ler­den ha­bar­ly hem-de teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan hü­när­men edip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da örän oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­ni üp­jün et­mek­dir, be­lent mak­sat­la­ryň ro­waç­ly­gy­dyr. Çün­ki mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­nen, döw­re­bap bi­lim­le­ri ele alan ýaş ne­sil­ler ýur­du­my­zyň şu gü­ni hem gel­je­gi­dir. Bu ba­bat­da bi­lim ul­ga­myn­da mö­hüm öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, ýaş ne­sil­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ug­run­da mak­sat­na­ma­la­ýyn anyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de okat­ma­gyň iň kä­mil usul­la­ry dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar, ýaş­la­ryň ze­hin­le­ri­niň açyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän tä­ze müm­kin­çi­lik­ler yl­my esas­da öw­re­nil­ýär.

Bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we okat­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny işe or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, äh­li bi­lim eda­ra­la­ry­na san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şeý­le-de, ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­la­ry, in­te­rak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry­ny, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry­ny, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk et­mek­le­ri­ne ýar­dam berýär.

Goý, ylym-bi­li­mi ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Altyn SAÝYPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok