Döwrebap bilim özgertmeleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz äh­li ba­bat­lar­da be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­ret­mek, ola­ryň dil baý­ly­gy­ny art­dyr­mak, dün­ýä dil­le­rin­de er­kin gür­läp bil­mek­le­ri­ni ba­şar­mak we döw­re­bap bi­lim ber­mek me­se­le­si­ne-de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­jak ýaş­la­ry kä­mil edip ýe­tiş­dir­mek bu gün­ki gü­nüň mö­hüm ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem bi­lim öw­ret­mek­de iň tä­ze usul­lar iş­le­nip dü­zül­ýär, yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Bu bol­sa sa­pak­la­ryň tä­sir­li geç­me­gi­ne, okuw­çy­la­ryň oňat dü­şün­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de hem iň döw­re­bap usul­lar ula­nyl­ýar. Esa­san hem, okuw ki­tap­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, söz­lük­le­riň üs­ti bi­len dil öw­ret­mek, lin­ga­fon otag­lar­da au­dio­ýaz­gy­la­ry diň­let­mek ýa­ly ugur­la­ry bel­le­mek bo­lar.

Köp dil bilmek dünýägaraýşyňy, gözýetimiňi giňeldýär. Häzirki döwürde sanly serişdeleriň we tehnologiýalaryň durmuşymyza çalt ornaşýan günlerinde dil bilmek ilkinji zerurlykdyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil öwrenmegi babatynda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Mährijamal GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok