Mähriban Arkadagymyzyň binýadyny berk tutan we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatyna laýyklykda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary we daşary ýurt dillerini suwara öwrenmekleri üçin bilim-terbiýeçilik edaralarynda nusga alarlyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi däl-de, eýsem, dünýä dillerini öwrenmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri öwredilýär.
Dili öwrenmegiň esasy maksady diňe bir suwara sözleýşi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş-durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen, ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi, şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde täze okuw maksatnamalary işlenip düzüldi. Bu resminama ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Oguljemal RÖWŞENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler