Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, döwletli başlangyçlarynyň netijesinde bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetde, aýratynam ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasy» esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu maksatnama degişli döwürde milli sportumyzyň binýadyny has-da berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Dünýäde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesliň tutýan orny hem örän ýokarydyr. Biz, ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Gammar PERDELIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler