«CONFINTEA VII» onlaýn duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Merkezi Aziýada Uly ýaşlylara bilim bermek boýunça ýedinji halkara konferensiýasynyň «CONFINTEA VII» netijeleri boýunça sebitleýin onlaýn duşuşyk geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri we Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller şeýle-de biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmenleri Gurbanbagt Baljikowa, Amanbibi Hudaýgulyýewa dagylar gatnaşdylar.

Her ýurduň wekilleri öz çykyşlarynda esasan hem bu ugurda uly ýaşlylara  bilim bermek boýunça (ALE) geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek ýaly bilelikdäki hereketi durmuşa geçirmek üçin milli derejede edilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«CONFINTEA VII»  barada aýdyp  geçsek, 2022-nji ýylyň 15-17-nji iýuny aralygynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde geçirilen Uly ýaşlylar bilimi boýunça ýedinji halkara konferensiýasyna (CONFINTEA VII) rugsat berildi. BMG-niň Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Durnukly ösüş maksatlary (SDG) kabul edileli bäri ilkinji «CONFINTEA» konferensiýasy we DÖM-lara ýetmek üçin halkara jemgyýetçiligi üçin iň möhüm waka boldy.

«CONFINTEA VII» konferensiýasynyň ara alyp maslahatlaşmalary we gün tertibi sebit derejesinde anyk möhüm meseleleri kesgitleýän, «ALE» çärelerini we tejribesini ösdürmegiň geljekki perspektiwalaryny göz öňünde tutýan sebit we sebitara taýýarlyk konferensiýalarynyň netijelerine esaslanýar.

«CONFINTEA VII»-iň esasy netijesi, «Marrakeş» hereket çarçuwasynyň (MFA) kabul edilmegi boldy. Onuň geljekki on ýylda uly ýaşlylaryň bilim (ALE) syýasatyny we tejribesini ösdürmäge we durmuşa geçirmäge ugrukdyrmakdaky roly uludyr. Ýaşlar we ulular üçin okuwyň ähli görnüşlerini (resmi, we resmi däl) öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmä, şeýle hem ýüzbe-ýüz, onlaýn we garyşyk okuw ýaly dürli okuw platformalaryna esaslanýar. Hususan-da, agza ýurtlar dolandyryş we gözegçilik mehanizmlerini güýçlendirmek, maýa goýumlaryny köpeltmek arkaly ulularyň okuw we bilim hilini ýokarlandyrmak üçin borçlanýar.

Seýli ARYŞOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl 
talyby, TBM-niň Innowasiýa maglumat 
merkeziniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok