Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýaňy ýakynda geçirilen iolymp (Open International Internet olympiad) halkara internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem fizika ugry boýunça gatnaşdylar. Şeýlelikde, Adambaýewa Diana bürünç medala, Suhrabowa Şükürjan altyn medala hem-de Hemraýew Dawut kümüş medala mynasyp boldylar.

Ýeri gelende bellesek, iolymp halkara internet olimpiadasy biotehnologiýa we medisina, şeýle hem ynsanperwer we ýuridiki ugurlary hem öz içine alýar.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.  

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok