Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly menzillerinde Türkmenistan Diýarymyz buýsandyryjy üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ähli ugurlarda toplumlaýyn amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz uly zähmet ýeňişlerine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri halkyň ýaşaýyş-durmuşynda öz beýanyny tapýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan möhüm işleriň netijesinde batly depginli ösüşler gazanylýar. Eziz Watanymyzda halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi döwrümize şan getirýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, tebigy baýlyklary, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça möhüm wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ylmyň iň täze gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylyp, täze önümleriň görnüşleri we önümçiligi artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge niýetlenilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde pudaklar döwrebap ýagdaýa getirilýär, milli ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlary önümçilige, durmuş maksatly ugurlara gönükdirmek bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň senagat taýdan ösen ýurda öwrülmegine we kuwwatlanmagyna ýol açýar. Şol bir wagtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylyp durulmagy hem ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ösüş-özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin esas bolup çykyş edýär. Türkmenistan ýurdumyzda parahat, abadan durmuşda ýaşamak, halal zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýän şeýle ajaýyp zamanada halkymyzyň nurana geljegine bolan ynamy sarsmazdyr.
Arzygül TIRKEŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler