“El hünäriň ýörelge, ulus – ile görelde” atly hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmen maşgalasynda gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berilýär. Sebäbi gyz kişi maşgalasy bolansoň ol asylly, agras, edepli, tertipli öý ojaga gerek bolan işleriň ählisinden baş alyp çykar ýaly terbiýe berilýär. Ese-boýa galyp başlan gyzjagaza onuň başarýan işleri buýrulyp başlanýar. Bu hem terbiýäniň ilkinji basgançagy bolup hyzmat edýär. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli el işlerimiz öwredilýär.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “El hünäriň ýörelge, ulus – ile görelde” atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bäşleşik jemi üç sany şert boýunça geçirilip, ýaş talyp gyzlar saýlap alan hünärini öz başarnygy esasynda wasp etdiler. Şeýle-de,   gadymyýetden dowam edip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek bilen, özara bäsdeşdiler. Talyp gyzlaryň ýerine ýetiren el işlerine emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.  Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen hünär bäsleşiginiň jeminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi  tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik  sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

                                                                       Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok