Başlangyç synplarda sapagyň guralyşyny kämilleşdireliň!

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleri 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap 6 ýaşyny dolduran çagalary 1-nji synpa okuwa kabul edýär. Alty-ýedi hatda ondan kiçi ýaşly çagalar hem okuwa höwes bildirýärler we muny olaryň reňkli, suratly owadan kitaplary uly gyzyklanma bilen synlaýandyklary görkezýär. Kiçi ýaşly çagalar okuw maglumatlaryny aňsat hem-de çalt kabul edýärler, özleşdirýärler we ýatlarynda saklaýarlar. Ýöne olar çalt ýadaýarlar, şol bir görnüşli  ýumuşlar buýrulanda, hödürlenende çagalaryň ünsi gowşaýar. Men hem başlangyç synp okuwçylary okadýan mugallym hökmünde öz tejribämden gelip çykan tekliplerimi kärdeşlerime aýtmagy makul bildim:

1. Başlangyç synplarda ulanylýan okuw-görkezme esbaplarynyň reňkli bolmagy, gyzykly ýumuşlaryň hödürlenilmegi we öwrediji oýunlaryň yzygiderli guralmagy sapagyň täsirli bolmagyna ýardam berýär;

2. Başlangyç synpda okaýan okuwçylar has takygy çagalar hereketlenmän oturmagy kän halamaýarlar. Şonuň üçin hem mugallym her bir sapakda ýüze çykjak bökdençligiň öňüni almak üçin çärelerini taýýarlap goýmaly;

3. Çagalaryň ukyplarynyň gyradeň däldigi üçin olara berilýän ýumuşlarda we olardan edilýän talaplarda örän seresaply çemeleşmeli;

4. Başlangyç synp okuwçylar ýokary synplar bilen deňeşdirende okuwa örän höwesli bolýarlar. Şonuň netijesinde sapagyň çaltlaşdyrylyp guralmagyny gazanmaly;

5. Mugallym ilkinji sapakdan başlap çagalaryň ynamyna girmegi başarmaly we olaryň her bir soragyna jogap beren ýagdaýyna utuş gazanýar;

6. Her bir sapakda ulanylýan maglumatlaryň täzelenmegi okuwçylaryň sapaga has gyzyklanma bilen üns bermegine getirýär;

7. Ata-eneler bilen oňat aragatnaşyk saklap her bir çaganyň şahsyýetini içgin öwrenmegi mugallymyň okuw we terbiýeçilik babatdaky işleriniň netijeli bolmagyna getirýär.

Aýgül HANMAMEDOWA,

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta
mekdebiň başlangyç synp
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok