Döwrebap bilim — mizemez binýat

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigi, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygy bilen baglylykda halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri ornaşdyrmak barada berýän tabşyryklary aýratyn bellenilmäge degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär.

Biziň durmuşymyza tapgyr-tapgyr täzelikleri girizip gelýän ylym bu gün iň ýokary derejä ýetip, dünýäni bütinleý özgertdi. Indi ýaşaýşy biri-birinden kämil tehnikasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym, şeýle-de, döwre öz talaplaryny girizýär. Şol talaplara abraý bilen hötde gelinmegi ösen jemgyýeti kemala getirýär.

Selbi MARADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok