Ýurdumyzda bilim özgertmeleri

Bilim hakyndaky alada ýaşlar, ýagny ýurduň geljegi hakynda aladadyr. Çünki bilim we ýaşlar diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, erkana zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, önümçilik işlerine gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ýörelgä eýerilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Dünýäniň abraýly halkara guramasy bilen ýola goýlan şol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda bilim ulgamy-da öz beýanyny tapýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň döredilmegi we işläp başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu guramanyň hem-de institutyň başlangyjy bilen ýokary okuw mekdebimizde ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» atly kluby işläp başlady. Ýurdumyzda ilkinji bolan we esasan, talyp ýaşlary özüne meýletin birleşdirýän bu Halkara klub ynsanperwer ýörelgelere esaslanmak bilen, türkmen halkynyň medeni-taryhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, ýurdumyzda özgertmeler netijesinde gazanylýan durnukly ösüşleri dünýä dillerinde wagyz etmek, medeniýetleriň ýakyn gatnaşygyny üpjün etmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy we halklaryň dostlugyny berkitmek, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly asylly işlere mynasyp goşant goşmagy nazarda tutýar.

Ylym-bilimi kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, ýaşlaryň geljegine giň ýol açmak bilen, täze taryhy döwrümiziň binýadynyň berkemegi hakynda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Amangül GURBANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok