Ylymly-bilimli türkmen ýaşlary

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de dün­ýä de­re­je­sin­de nus­ga­lyk iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Bi­lim ul­ga­my­nda döwrebap özgertmeleri dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da beýik iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ry ylym-bi­li­me hö­wes­len­dir­mek­de, dün­ýä dil­le­ri­ni tu­tan­ýer­li ele al­mak­da, kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­mak­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­ler­inde dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­riň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň ylym-bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne ara­laş­ma­gy bi­len öň­de go­ýan we­zi­pe­si ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr.

Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ryň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk bi­lim al­ma­gy­nyň hem-de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­na my­na­syp go­şant goş­ma­gy­nyň, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi­niň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri-de ola­ryň hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hü­när işin­de iş­jeň we ne­ti­je­li ula­nyp bil­me­gi­ni ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň hä­zir­ki ösüş tap­gy­ryn­da öň­de dur­ýan bu mö­hüm we­zi­pe dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­syn­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ni, mil­li bi­li­miň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da okat­ma­gyň in­no­wa­sion çe­me­leş­me­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly­lyk­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­lim tag­ly­mat­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Kemal HOMMADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok