«OMOUS-2023» olimpiadasyna badalga berildi

24-nji aprelde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2023) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Birnäçe günläp dowam etjek halkara olimpiada GDA-nyň, Latyn Amerikasynyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan zehinli ýaşlar gatnaşýar. Olimpiada iki görnüşde — ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr.

Açyk halkara olimpiadanyň geçirilmegi, türkmen talyplarynyň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek bilen birlikde, ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyna geçmekdäki üstünlikli gadamlaryna, ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýändigine göz ýetirmäge hem mümkinçilik berer.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok