Hezreti Omar metjidinde Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasy berildi

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti metjide geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg etdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow sadakanyň berilýän jaýyna bardylar.

Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban ejesi we Arkadagly Serdarymyzyň eziz enesi, Watanymyzyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok