Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Esasy Kanunymyzda bellenilen şu ýörelgeden ugur alýan Arkadagly Serdarymyz halkyň saglygyny goramakda giň möçberli işlere badalga berýär. Şunda ilaty bedenterbiýä we sporta çekmek uly ähmiýete eýe bolýar.
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde ýurdumyz dünýä ýüzünde sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany, sporty ösdürmegiň merkezi hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda ähli ösüşler ylmyň- -bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde hasyl bolýar. Ýaşlary sporta çekmek olarda bedenterbiýe taýynlygyny kemala getirmek boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Olaryň arasynda sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek işleri onuň peýdasyny açyp görkezmek, düşündirmek bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň sport bilen gündelik meşgullanmagyny gazanmak sagdyn nesli kemala getirmegiň esasy şertidir. Häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan güneşli Türkmenistany sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen belentden-belent sepgitlere alyp barýar.
Beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Batyr ANNAGURBANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler