Sport sagdynlygyň girewidir

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyzyň dünýädäki sport abraýy barha beýgelýär. Türkmen türgenleri özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler esasynda, halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine, dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belende galdyrýarlar.

Sport sagdynlygyň girewidir. Sport bilen meşgullanmak, işjeň hereketde bolmak bedeni taplaýar. Işjeň hereketlilik her dogan täze Günden başlanýar. Ir bilen turup, säher bilen açyk howada ýörişe çykmak, dünýäni synlamak, ýene-de bir täze günüň başlanýandygyny buşlaýan Günüň doguşyny görmek, beden maşklaryny ýerine ýetirmek — bularyň ählisi fiziki işjeňlik bolup, ol ýaşaýşa bolan höwesiňi, durmuşa söýgiňi artdyrýar. Durmuşda işjeň hereketde bolmak, galjaňlyk ynsan saglygyna oňyn täsir edýär. Işjeň hereketlilik, sport ynsanda zähmetsöýerligi, gujur-gaýraty terbiýeleýär. Işjeň hereketi zähmet bilen utgaşdyrýan daýhanyň topragyň ysyny duýup, ekinde işleýşi, arassa howadan kükregini dolduryp, dem alşy, bir tarapdan, ynsanyň tebigatdan üzňe däldigini görkezse, ikinji tarapdan, fiziki işjeňligiň sagdynlygyň güwäsidigini aýan edýär.

Sporta, işjeň hereketde bolmaga ymtylýan adamyň maksatlary hem aýdyň bolýar. Çünki näçe zähmet çekdigiňçe, näçe hereket etdigiňçe, haýyr işlere höwesiň artyp, güýjüňe güýç goşulýar. Sport bedeni berkitmek bilen birlikde, durmuşy gözelleşdirýär. Sport döredijilige hyjuwlandyrýan ylham çeşmesidir. Şu ýerde sportuň ynsana ruhy lezzeti bagyş edýän sungaty döretmäge iterýändigini hem belläsimiz gelýär.

Ynsan durmuşyny hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki bu barlykda ähli zat hereketde. Ýaşaýşyň ölçegi bolan wagtam bir ýerde duranok, ol hemişe hereketde. Daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatam elmydama hereketde. Hereketiň, sportuň bar ýerinde ösüş bar, kämillik bar, gözellik bar.

Biz hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ýurdumyzyň barha ösýän daşary syýasatyny belent sepgitlere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gurbanmyrat ÇARYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok