Ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaşlarymyzyň sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmegine ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistanda häzirki zaman sagdyn türkmen jemgyýetini, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde bedenterbiýä we sporta döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär.
Häzirki döwürde zähmetiň ähli ugurlarynyň, gündelik öý işleriniň sanly tehnologiýalar bilen amala aşyrylýandygy sebäpli, köp adamlarda az hereketlilik ýüze çykdy. Şonuň üçin hem adamlara sportdur bedenterbiýe bilen meşgullanyp, jan saglygyny berkitmek örän peýdalydyr. Çünki işjeň hereket, bedenterbiýe maşklary günüň dowamyndaky sarp edilmeli güýç-kuwwatyň üstüni ýetirýär. Sport, bedenterbiýe bilen islendik ýaşdaky adama meşgullanmak zerurdyr. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek dürli keselleriň öňüni almakda, adamyň kesellere garşy goranyjylyk ukybyny artdyrmakda örän ähmiýetlidir.
Sport ruhy güýjüň hem-de gujur-gaýratyň gözbaşydyr. Sport adama joşgun, ýaşaýşa hyjuw berýär. Hyjuw bilen ruhy güýç bolsa, türgeni ýeňişli menzillerde üstünliklere ýetirýär. Sport adamda maksada okgunlylygy hem-de erjelligi terbiýeleýär. Sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn ýaşaýşa binýatdyr. Günde göwün söýen sport görnüşleriň bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek, hereketli beden maşklaryna gümra bolmak sagdynlygyň girewidir.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şatlyk JUMAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler