Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar

Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bu agyr ýitgi zerarly Size, Siziň ähli garyndaşlaryňyza we ýakynlaryňyza ýürekden medet beriji sözlerimi we gynanjymy beýan edýärin.

Size sabyr-takat we mertlik dileg edýärin.

Gynanç bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Meniň gadyrly doganym!

Siziň mähriban we eziz käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizde çuňňur hasrat döretdi.

Ogulabat eje Siz tarapyndan belent sarpa goýulýan asylly ynsan bolmak bilen özüniň päk durmuşy, yhlasly zähmeti we hoşgylawlylygy, sabyr-takatlylygy bilen tutuş halkyňyzyň hem belent hormatyna mynasypdyr. Ol Siz ýaly, türkmen halky üçin taryhyň nukdaýnazaryndan hem deňi-taýy bolmadyk belent işleri amala aşyran gaýduwsyz hem milletiň beýik Lideriniň terbiýeläp ýetişdirdi. Türkmen eneleriniň hem-de ähli zenanlarynyň asylly häsiýetlerini özünde jemlän Ogulabat ejäniň ady biziň hakydamyzda edebilik saklanar.

Siziň maşgalaňyz üçin uly ýitgi güni bolan şu hasratly pursatda Siziň Alyhezretiňize, Siziň ähli ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gynanjymyzy beýan edýäris.

Mukaddes Oraza aýynyň şu nurana günlerinde Beýik Allatagaladan merhumyň jaýyny jennet etmegini, meniň gadyry doganym Size, Siziň maşgalaňyzyň agzalaryna sabyr-kanagat, gujur-gaýrat eçilmegini dileg edýärin.

Çuňňur gynanç bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Ogulabat ejäniň ömür ýoly Watany we halky söýmegiň, parasatlylygyň, rehimdarlygyň ajaýyp nusgasydyr.

Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin. Goý, mukaddes Remezan aýynda Beýik Allatagala biziň doga-dileglerimizi kabul edip, Siziň käbäňiziň jaýyny jennet etsin!

Gynanç bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
wise-premýeri, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiziň — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdik.

Siziň şatlykly hem-de kyn pursatlarda ýanyňyzda bolan ýakyn we mähriban adamyňyz dünýäden ötdi. Meniň çuňňur gynanjymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, bilelikde geçen bagtyýar ýyllar baradaky nurana ýatlamalar, ýakynlaryňyzyň duýgudaşlygy we goldawy Size bu öwezini dolup bolmajak ýitginiň yzasyny ýeňip geçmäge kömek etsin!

Şu kyn günlerde Size gaýrat dileýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Ata-enäniň aradan çykmagy agyr ýitgidir. Ýöne olar biziň kalbymyzda we hakydamyzda parasatlylyk, ýagşylyk nury bolup hemişelik galar. Ata-eneleriň baky söýgüsi bolsa bizi elmydama goldaýar.

Öwezini dolup bolmajak bu ýitginiň hasratyny Siziň bilen hem-de Siziň ýakynlaryňyz bilen bile paýlaşýaryn.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Parasatly zenanyň, mähriban käbäniň we eneligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, Ogulabat eje iki Prezidenti — öz halkynyň iň mynasyp ogullaryny terbiýeläp ýetişdirdi. Onuň nurana keşbi biziň hakydalarymyzda hemişelik galar.

Şu hasratly günde Size, Siziň maşgalaňyza, ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin hem-de Size gaýrat dileýärin.

Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

TDH.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok