Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç,

Siziň mähriban eneňizOgulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bu agyr ýitgi zerarly Size, Siziň ähli garyndaşlaryňyza we ýakynlaryňyza ýürekden medet beriji sözlerimi we gynanjymy beýan edýärin.

Size sabyr-takat we mertlik dileg edýärin.

Gynanç bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň mähriban eneňiz – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizi sarsdyrdy.

Ogulabat eje Türkmenistanyň abadançylygyna we ösüşine bimöçber goşant goşan çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge öz bütin ömrüni we mährini bagyş etdi. Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň ählimiziň kalbynda ebedilik galar.

Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly we agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris.

Beýik Biribardan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Size we Siziň ýakynlaryňyza bolsa sabyr-takat dileg edýäris.

Çuňňur gynanç bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
wise-premýeri, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

TDH.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok